"Ankara maslahatynyň Astana etabyna täze ähmiýet gazandyrjakdygyna ynanýarys"

Liderler Ankarada Çankaýa köşgünde geçirilýän Üçtaraplaýyn maslahatyň çäginde metbugata beýanat berdi

1270541
"Ankara maslahatynyň Astana etabyna täze ähmiýet gazandyrjakdygyna ynanýarys"

 

Prezident R. T. Erdogan, Siriýanyň syýasy jebisligi bilen territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagy meselesinde Russiýa we Eýran bilen doly ylalaşykly ýagdaýda işleşýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani paýtagt Ankarada Çankaýa köşgünde geçirilýän Üçtaraplaýyn maslahatyň çäginde metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda, maslahatyň Siriýada hüjümleriň bes edilmegi üçin täsirli çözgüt tapýan we anyk tagalla edýän ýeke-täk platformadygyny belledi.

Ankara maslahatynyň Astana etabyna täze ähmiýet gazandyrjakdygyna ynanýandygyny nygtan Erdogan, “ Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin has uly jogapkärçilik almalydyrys. Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylary ýok edip bu ugurdaky tagallarymyzy birlikde has güýçlendireris” diýdi.

Idlibiň başda durmagynda Siriýadaky soňky ýagdaýy,  Ýefradyň gündogarynda başdan geçirilýän wakalary, syýasy etapda ýetilen sepgidi we Siriýaly bosgunlar meselesini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny nygtan Erdogan  “Çobanbeýlide ýekşenbe güni hassahana guralan terrorçylykly hüjüm, ekstremist terror guramasy PKK-nyň wagşy ýüzüni ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa “Eýran, Siriýa krizisiniň diňe syýasy taýdan we Siriýanyň halkynyň gatnaşmagynda çözüljekdigine ynanýar” diýdi.

Ruhani “Amerikan esgerleriniň Siriýa iş alyp barmagy kanunlara bap gelmeýär. ABŞ gysga wagtda sebiti terk etmeli” diýdi.

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin hem “Bilelikdäki tagallarymyz netijesinde Siriýada durnuklylyk üpjün edildi we hüjümler azaldy. Siriýadaky haosyň çözülmegi üçin aýgytly ädim ätdik” diýdi.



Degişli Habarlar