Prezident Erdogan terrora garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini aýtdy
Erdogan Stambulda Juma namazyndan soň metbugata beýanat berdi
Prezident R. T. Erdogan terrora garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini aýtdy.
Erdogan Stambulda Juma namazyndan soň metbugata beýanat berdi.
Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Diýarbakyrda düýn asuda ilata garşy guran bombaly hüjüm hakynda durup geçen Erdogan “Alladan şehitlerimize rehnet, ýaralananlara şypa dileýäris. Şehitleriň hossarlary bilen gepleşdim “Birnäçe ýyldan bäri uly tire-taýpalar hökmünde birnäçe adamymyz şehit boldy, emma biz egilşik etmeris” diýýärler. Terrora garşy tutanýerli göreşimizi dowam etdireris. Türkiýe Respublikasynyň bu göreşde üstün çykjakdygyna ynanýaryn” diýdi.
Erdogan “Hüjüm bilen arabaglanşykly Halklaryň demokrat partiýasyndan saklananlar bar”diýip belledi.
Diýarbakyrda perzentleri PKK tarapyndan daga alnyp gidilen enelere hem ýüzlenme beren Prezident Erdogan, döwlet hökmünde şol enelere goldaw berýändiklerini nygtady.
Siriýadaky wakalar hakynda hem durup geçen Erdogan “Siriýa maslahaty etaby Soçi başlady, Ankarada we Tähranda dowam etdi we dowam eder. Ankarada geçiriljek nobatdaky maslahatda İdlibde başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşarys”diýdi.
Prezident Erdogan Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini ýatlatdy
Degişli Habarlar
Ýene-de Bir Gowak Terrordan Saplandy
“Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ýene-de bir gowagyň terrorçylardan saplanandygyny mälim etdi.