Türkiýe Yraga gynanç bildirdi

Türkiýe düýn Yragyň Kerbela şäherinde Aşura dabarasynda başdan geçirilen hadysa sebäpli gynanç bildirdi

Türkiýe Yraga gynanç bildirdi

 

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Yragyň Kerbela şäherinde Aşura dabarasynda başdan geçirilen heläkçilikde ilkinji kesgitlemelere görä onlarça adamyň ýogalandygy we 100 adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi.

Beýanatda: “Doganlyk Yragyň halkyna gynanjymyzy bildirýäris, bu wakada ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmagyny dileýäris” diýip habar berildi.


Etiketkalar: Yrak , Türkiýe

Degişli Habarlar