Erdogan: “ABŞ-den Howpsyz zolak bilen bagly işlerimizde ýanymyzda bolmagyna garaşýarys”

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-den terrora garşy göreşde we bosgunlaryň öýlerine gaýdyp barjak ýerleri bolan howpsyz zolaklaryň döredilmegi bilen bagly işlerinde Türkiýäniň ýanynda bolmagyna garaşýandykleryny beýan etdi

1266977
Erdogan: “ABŞ-den Howpsyz zolak bilen bagly işlerimizde ýanymyzda bolmagyna garaşýarys”

Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbur Rossy we ýanyndaky wekiliýeti paýtagt Ankaradaky Prezident kompleksinde kabul etdi.

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: “Dostym ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen erkin söwda ylalaşygy bilen bagly gepleşikleriň başlanmagyny hem gün tertibimize aldyk. Bu babatda degişli ministrlerimiz iň ýakyn wagtda işlerine başlar” diýip habar berdi.

ABŞ-ly maýadarlara çagyryş beren Erdogan: “Mundan hem köp Amerikan kärhanalarynyň ýurdumuzda maýa goýmagyny arzuw edýäris. Ýurdumyza gelen her ABŞ-ly maýadara gerek bolan kömegi bermäge taýýardyrys” diýip aýan etdi.

Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalara hem ünsleri çeken Erdogan: “Ýurdumyz Siriýadan geljek täze bosgun tolkunyny kabul etmäge artyk mümkinçiligi galmady. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň hem-de sebitimiziň hem-de siriýaly bosgunlaryň yzlaryna gaýdyp barmaklaryndaky iň uly päsgelçilik ekstremist terror guramasy PKK bilen onuň şahasy bolan ÝPG ýaly terror guramalarydyr. Etniki saplaýyş edýän, sebitiň halkyny başga ýerlere göçmäge mejbur edýän, türk raýatlaryň janyna we emlägine howp salýan bu gurluş çürt-kesik ýagdaýda howp faktory bolmakdan aýrylmalydyr. Siriýa 50 müň ýük ulagy bilen, bu ýerdäki terrorçy toparlara harby enjamlaryň, ok-däriniň iberilmegi bizi öran aladalandyrýar. ABŞ-den Howpsyz zolak bilen bagly işlerimizde ýanymyzda bolmagyna garaşýarys” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar