Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, türk milletiniň düýn bolşy ýaly şu gün hem özbaşdaklygy we gelejegi ugrunda, janyndan eý görýän watany üçin pidakärligini we ýürekliligini görkezmäge taýardygyny habar berdi

1261077
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan, 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde, türk milletiniň şöhratly taryhynyň altyn halklaryndan biri bolan 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 97-nji ýylyny belläp geçýändigini nygtap, Beýik Ýeňişiň 97-nji ýylynda millete bu ýeňişi bagyş eden Baş serkerde Gazy Mustafa Kemal Atatürki, Beýik Millet Mejlisiniň hormatly agzalaryny we gahryman türk goşunynyň ähli esgerlerini hormat bilen hatyralaýaryn.

Erdogan, Türkiýede, DKTR-de we dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan türk raýatlarynyň ählisini 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen gutlady.

Erdogan: “30-njy awgustda gazanylan taryhy ýeňişimiz bilen milletimiz, özüne laýyk görülen ýesirlik köýnegini ýyrtyp zyňdy we janyndan geçmeli hem bolsa garaşsyzlygyndan dänmejekdigini bütin dünýä yglan etdi. Soňky döwletimiz bolan Türkiýe Respublikasynyň buşlukçysy bolan Beýik Ýeňiş, ady taryhdan pozulmak islenýän türk milletiniň beýgelmeginiň adydyr” diýip habar ýerdi.

Şu gün hem Siriýanyň demirgazygynda, Yrakda we Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýä garşy gurulan ähli duzaklary ýok etmekde tutanýerlidiklerini aýdan Erdogan, türk milletiniň we Kiprdäki türkleriň hukuklarynyň elinden alynmagyna asla rugsat bermejekdiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar