“Türkiýäniň ähli serhetýakalarynda operasiýa taýarlyklary bar”

Prezident R.T.Erdogan häzirki wagtda Türkiýäniň ähli serhetýakalarynda operasiýa taýarlygynyň bardygyny aýtdy

1260612
“Türkiýäniň ähli serhetýakalarynda operasiýa taýarlyklary bar”

Erdogan düýn Russiýa saparyndan gaýdyşyn uçarda beren beýannamasynda Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky terrordan saplanan howpsyz zolak üçin Manbijdäki ýaly güýmemä asla ýol berilmejekdigini nygtady.

Operasiýa guramak üçin taýardyklaryny ýene-de bir gezek nygtan Erdogan; “Häzirki wagtda tapgyr dowam edýär, emma biz asla arkaýyn bolup, taýarlyklarymyzy bes etmedik. Häzirki wagtda ähli serhetýaka zolaklarynda taýarlyklar tamamlandy. Ähli personal, sowutly ulaglarymyz sebitde. Ýagny her pursatda ähli zadyň hötdesinden gelip bileris” diýdi.

Ankara-Waşington ugrunda howpsyz zolak ylalaşygy boýunça gepleşikler dowam edýän bolsa, Russiýa bilen Siriýanyň İdlib şäherine guralýan hüjümler hakynda pikir alyşyldy.

Meselä bolan garaýyşyny Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine beýan edendigini aýdan Prezident Erdogan: “Hormatly Putin bu meselede arkalaşyk edilmelidigini aýtdy. Biz hem oňa Daşary işler, Goranmak we Howpsyzlyk edaralarymyzyň bilelikde işleşip biljekdiklerini beýan etdik. emma biz bu taýda biri-birimizi biynjalyk etmeris. Bilelikde işleşmäge dowam edilmeli” diýdi.

Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşde egilşiksizdigini ýene-de bir gezek nygtan Prezident: “Biz terror guramalarynyň ählisine garşy göreşmekden el çekmeris. DAİŞ, PÝD-ÝPG, HTŞ, ählisi ýok edilmeli. Bu meselede egilşik etmeris. 12 gözegçilik nokadymyz İdlibde uly işler alyp barýar” diýdi.

Russiýa guran 1 günlik saparynda SU-35 we SU-57 harby uçarlary bilen tanyş bolan Erdogan: “Bäri ýöne ýere gelmedik. Ýagny biz şuny alada edemizok, eýsem bu bolmasa näme bolar diýlen zat ýok. Ähli zat boluo biler. Alara bazarymyz köp” diýdi.



Degişli Habarlar