Awgust aýynyň soňky hepdesi buýsançly ýagdaýda Ýeňiş hepdeligi hökmünde bellenilip geçilýär

Prezident Erdogan Ýeňiş hepdeligi mynasibetli ýüzlenme çap etdi

1258536
Awgust aýynyň soňky hepdesi buýsançly ýagdaýda Ýeňiş hepdeligi hökmünde bellenilip geçilýär

 

Prezident R. T. Erdogan, awgust aýynyň soňky hepdesiniň türk taryhynyň ýeňişler hepdesidigini we Malazgirt ruhunyň özlerine hemişe ýol görkezjekdigini nygtady

Prezident Erdogan Ýeňiş hepdeligi mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

1071-nji ýyldaky Malazgirt ýeňişi bilen Anadolyny ýurt edinen milletiň, 1919-1922-nji ýyllardaky Garaşsyzlyk söweşi bilen bu topraklaryň ebedi ýurt boljakdygyny bütin dünýä yglan edendigini nygtan Erdogan gutlag ýüzlenmesinde “30-njy awgustda gazanylan taryhy ýeňiş bilen biziň esasy mirasymyz bolan Respublikamyzyň düýbi tutuldy” diýdi.

Prezident Erdogan Malazgirt ýeňişiniň we Uly hüjümiň ýeniş bilen netijelenen awgust aýynyň soňky hepdesiniň buýsançly ýagdaýda Ýeňiş hepdeligi hökmünde bellenilip geçilýändigini nygtady.

Erdogan “Taryhyň dowamynda jebisligimizi we bitewiligimizi nyşana alan ähli hüjümleri yzyna serpikdiren eziz halkymyzyň, 1071-nji ýylda Malazgirt ýeňişi bilen başladan bu şanly ýeňişden soň 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda Dumlypynarda hem uly ýeňiş gazanyldy. Bu ýeňiş, eziz halkymyzyň ýagty geljege tarap aýgytly ädim etmeklerine ruhy taýdan uly goldaw we itergi berdi. Respublikanyň yglan edilmeginden soň ähli taraplaýyn uly öňe gidişlikler edildi” diýdi.

Prezident Erdogan 26-njy awgust Malazgirt ýeňişiniň 948-njy ýyly mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, Malazgirt ýeňişiniň eziz halkyň ykbalyny özgerden, taryhyň akymyny täze ugra tarap gönükdiren, Anadolyda asyrlaryň dowamynda dowam etjek doganlygyň, hoşniýetliligiň, jebisligiň we arkalaşygyň ilkinji ädimidigini belledi.

Erdogan “Adalatly we merhemetli döwlet adamy hökmünde özünden soňky ähli döwlet adamlaryna görelde bolan Soltan Alparslan, asyrlaryň dowamynda Anadolyda parahatçylygyň, söýgüniň we hoşniýetliligiň öňbaşçysy boldy” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar