Ýewfradyň gündogarynda dikuçarlar bilen ilkinji umumy gözegçilik işleri geçirildi

Ýewfrat derýasynyň gündogarynda howpsyz zolagyň döredilmeginiň 1-nji tapgyrynyň çäginde, türk we amerikan serkerdeleriň gatnaşmagynda dikuçarlar bilen ilkinji bilelikdäki gözegçilik işleri geçirildi

Ýewfradyň gündogarynda dikuçarlar bilen ilkinji umumy gözegçilik işleri geçirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berildi.

Beýanatda, Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda howpsyz zolagyň döredilmeginiň 1-nji tapgyrynyň çäginde, türk we amerikan serkerdeleriniň gatnaşmagynda dikuçarlar bilen ilkinji bilelikdäki gözegçilik işleriniň geçirilendigi mälim edildi.

Ministrlik tarapyndan ilkinji gözegçilik işleri bilen bagly surat paýlaşyldy.



Degişli Habarlar