“Penje-3” operasiýasynyň çäginde üç esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda dowam edýän “Penje-3” operasiýasynyň çäginde  ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda 3 esger şehit boldy, 7 esger ýaralandy

“Penje-3” operasiýasynyň çäginde üç esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygynda ýüze çykan çaknyşykda 3 esgeriň şehit bolandygy, 7 esgeriň ýaralanandygy mälim edildi.

Ýaralanan esgerleriň hassahana gönükdirilendigi aýdylýan beýanatda, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi.

Beýanatda: “Bizi çuňňur gynandyran we ýasa bogan bu wakada ýogalan eziz şehit esgerlerimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik türk milletine gynanç we sabyr, ýaralanan garhryman esgerlerimiziň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýip nygtaldy.


Etiketkalar: şehit , esger , demirgazyk , Yrak

Degişli Habarlar