Erdogan terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini nygtady

Türkiýäniň Prezident Rejep Taýýip Erdogan terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini nygtady

Erdogan terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini nygtady

Erdogan, Trabzonyň Tonýa etrabyndaky bir myhmanhananyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Yragyň demirgazygynda düýn başladylan Penje-3 operasiýasynda şu gün 3 esgeriň şehit bolandygyny ýatladyp: “Bilşiňiz ýaly, 3 esgerimiz şehit boldy, ýaralanan esgerlerimiz bar. Emma 21-22 sany terrorçyny ýurdyň öz içinde we daşary ýurtda öldürdik. Howpsyzlyk güýçlerimiz operasiýalary giň gerimli dowam etdirýär. Şehit bolan esgerlerimiziň gany ýerde galmady” diýip nygtady.


Etiketkalar: Trabzon , Erdogan

Degişli Habarlar