“Türkiýäniň degişli bolmadyk ylalaşyklarynyň güýji ýok”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Liwanda bolýar

1257434
“Türkiýäniň degişli bolmadyk ylalaşyklarynyň güýji ýok”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gündogar Orataýer deňzinde türk Kipriň türk halkynyň we Türkiýäniň degişli bolmadyk ylalaşyklarynyň güýjüniň bolmajakdygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly Liwana guraýan saparynyň çäginde paýtagt Beýrutda liwanly kardeşi Jebran Bassil bilen bolan duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde burawlaýyş gämileri bilen iş alyp barýandygyny ýatladan Çawuşogly, hem öz kontinental şelfinde hem-de DKTR-nyň rugsat beren giňişliklerinde Kipriň türk halkynyň hukuklaryny goramak üçin iş alyp barýandyklaryna ünsi çekdi.

Çawuşogly Gündogar Oraýer deňzinde DKTR-nyň we Kipriň türk halkynyň hukuklaryny soňuna çenli gorajakdyklaryny nygtap: “Kipriň türk halkynyň we Türkiýäniň degişli bolmadyk ylalaşyklarynyň güýji ýok” diýdi.



Degişli Habarlar