Türkiýede “Gyran” operasiýasy dowam edýär

Žandarma güýçleriniň serkerdesi general Arif Çetiniň ýolbaşçylyk etmeginde başladylan “Gyran” operasiýasy dowam edýär

1255790
Türkiýede “Gyran” operasiýasy dowam edýär

Žandarma güýçleriniň serkerdesi general Arif Çetin, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy ýurdyň 3 aýry welaýatynda geçirilýän “Gyran” operasiýasynyň çäginde, Wan welaýatynyň Gürpynar etrabynyň Bulgurlu dagy diýilen ýerindäki harby birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdi.

Wan, Hakkari we Şyrnak welaýatlarynyň Žandarma serkerdelikleriniň gatnaşmagyndaky, Žandarma güýçleriniň serkerdesi general Arif Çetiniň ýolbaşçylyk etmeginde başladylan “Gyran” operasiýasy dowam edýär.

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda, sebitiň terrorçylardan dolulygyna saplanýança çenli terrora garşy göreşiň dowam etjekdigini aýdan general Arif Çetin, gahryman howpsyzlyk güýçleriniň terrorçylaryň hinine girendigini nygtady.

Žandarmda güýçleriniň serkerdesi general Çetin: “Daglar terrorçylardan dolulygyna saplanyp barýar. Galan terrorçylar bar bolsa iň gysga wagtda olary hem saplarys. Bu sebit dolulygyna terrorçylardan saplanar” diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar