ABŞ-nyň Türkiýedäki täze İIçisi Satterfield kasam edip wezipesine girişdi

Dewid Satterfield şu gün Döwlet sekretarlygynda kasam edip, ilçilik wezipesine resmi taýdan başlady

1252967
ABŞ-nyň Türkiýedäki täze İIçisi Satterfield kasam edip wezipesine girişdi

 

ABŞ-nyň Türkiýedäki täze Ilçisi Dewid Satterfield şu gün Döwlet sekretarlygynda kasam edip, ilçilik wezipesine resmi taýdan başlady

ABŞ-nyň Döwlet sekretawry Maýk Pompeo Satterfieldiň kasam ediş dabarasy barada Twitter arkaly habarnama berdi.

Satterfieldiň kasam ediş dabarsyna gatnaşmakdan hoşaldygyny beýan eden Pompeo: “Ilçi Satterfield bu wezipä uly tejribe we maglumat goşar. ABŞ-nyň Türkiýedäki İlçihanasynda bähbitlerimize wekilçilik etjek Satterfieldiň biziň bilen işleşýändigine buýsanýarys” diýip ýazdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylda iş başyna gelmeginden soň şol ýylyň dowamynda Türkiýedäki iş möhleti tamamlanan Jon Bassy Owganystana ilçi wezipesine belläpdi.

Bassyň Ankaradan gitmeginden soň 1,5 ýyla golaý wagt Türkiýä ilçi bellenmedi.

Tramp 1,5 ýyl soň 16-njy fewralda ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi wezipesine Satterfieldi hödürleýändigini beýan edipdi.

ABŞ-nyň Senato 28-nji iýunda ABŞ-nyň Türkiýedäki Ilçisi wezipesine Satterfieldiň bellenmegini tassyklapdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň iň bir tejribeli diplomatlaryndan biri hökmünde tanalýan Satterfield 1980-nji ýyldan bäri esasanda Ýakyn Gündogarda dürli wezipelerde işledi.

Jorw Buşyň döwründe Döwlet sekretary bolan Kondoliza Raýsyň Yrakdan jogapkär baýry geňeşçisi bolup işlän Satterfield ABŞ-nyň Liwandaky, Siriýadaky, Tunisdäki we Saud Arabystanyndaky ilçihanalarynda dürli wezipelerde işledi.

 


Etiketkalar: #Satterfield , #ilçi , #Türkiýe , #ABŞ

Degişli Habarlar