Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti 51 ýurtda 4 million 500 müň adama gurbanlyk paýlady

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti 151 ýyldan bäri dünýäde kömege mätäçlere goldaw berýär

1252461
Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti 51 ýurtda 4 million 500 müň adama gurbanlyk paýlady

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti 51 ýurtda 4 million 500 müň adama gurbanlyk paýlady.

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Naji Ýorulmaz, Gurban baýramy mynasibetli dünýäniň çar tarapynda 51 ýurtda 4 million 500 müň adama gurbanlyk paýlandyklaryny aýtdy.

Naji Ýorulmaz Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň we meýletinleriň Türkiýe başda bolmak bilen Balkanlarda, Orta we Günorta Aziýada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada 100 ýerde gurbanlyk mal öldürendiklerini belledi.

Şu ýyl ilkinji gezek Komor adalarynda, Ruandada, Indoneziýada, Gruziýada, Tatarystanda we Gresiýada gurbanlyk mal öldürendiklerini aýdan Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Ýorulmaz, Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň 151 ýyldan bäri dünýäde kömege mätäçlere goldaw berýändiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar