Bitlisde terror sanawynyň çal kategoriýasy boýunça gözlenýän iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Içeri howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Bitlis welaýatynda welaýatyň Žandarma güýçleri tarapyndan 24-nji iýulda geçirilen operasiýada 4 terrroçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi
Bitlis welaýatynda welaýatyň Žandarma güýçleri tarapyndan 24-nji iýulda geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen 4 terrorçynyň 2-siniň terror sanawynyň çal kategoriýasynda bolan "Özgür Ruh" ady bilen tanalýan Eýýüp Çeçan bilen "Agit Ýaman" ady bilen tanalýan Mustafa Ýamandygy mälim edildi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Içeri howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Bitlis welaýatynda welaýatyň Žandarma güýçleri tarapyndan 24-nji iýulda geçirilen operasiýada 4 terrroçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.
Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň 2-siniň 300 müň lira sylag bilen Terror sanawynyň çal kategoriýasy boýunça gözlenýän "Özgür Ruh" ady bilen tanalýan Eýýüp Çeçan bilen "Agit Ýaman" ady bilen tanalýan Mustafa Ýamandygy anyklandy.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar