PKK-a garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýalar hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda üstünlikli ýagdaýda dowam etdirilýär

1246734
PKK-a garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Penje operasiýasy bilen sazlaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygyndaky Zap we Metina sebitlerinde dowam etdirilýän operasiýalarda howa hüjümleriniň guralandygy mälim edildi.

Howa operasiýalarynyň netijesinde PKK-a agza 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Içeri işler ministrligi tarapyndan içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Ulydere etrabynyň obalyk ýerinde 2 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär.


Etiketkalar: #Yrak , #PKK

Degişli Habarlar