Türkiýäniň Daşary işler ministri rus kärdeşi bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdi

1244762
Türkiýäniň Daşary işler ministri rus kärdeşi bilen duşuşdy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, ministr Çawuşogly, 52. ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin baran Taýlantda, rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdi.  

Mewlüt Çawuşogly, şu gün şeýle hem Filippinleriň Daşary işler ministri Teodoro Loksin bilen hem duşuşyk geçiripdi.

Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “ASEAN maslahatynda ikiçäk duşuşyklarymyzy Filippinler döwletiniň Daşary işler ministri Teodoro Loksin bilen başladyk. Türkiýe-Filippinler diplomatik gatnaşyklarymyzyň 70-nji ýylynda, söwda kuwwadymyzy we goranmak senagaty hyzmatdaşlygymyzy artdyrmak isleýäris. Filippinler parahatçylyk etabyna goşandymyzy goşmaga dowam ederis” diýip belledi.

Taýlandyň paýtagty Bangkokda 27-nji iýulda başlan 52. ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty 3-nji awgustda öz işini tamamlar.



Degişli Habarlar