Penje operasiýasynda ýene-de 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýerlerine garşy geçiren howa hüjümlerinde ýene-de 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1242172
Penje operasiýasynda ýene-de 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen maglumatda, 27-nji maýda başlan Penje operasiýasy bilen sazlaşykly ýagdaýda Yragyň demirazygyndaky Zap we Metina sebitlerinde dowam etdirilýän operasiýada howa hüjümleriniň guralandygy mälim edildi.  

Operasiýanyň çäginde, PKK-a degişli ýarag liniýalaryň, gowaklaryň we gaçybatalgalaryň nyşana alynyp hüjüm guralandygy, 4 terrorçynyň bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan soňky wagtrlarda terror guramasyna garşy geçirilýän üstünlikli operasiýalar, terror guramasynda dargamalara sebäp döretdi.  

Biri çal kategoriýada bolan jemi 5 terrorçy Şyrnak welaýatynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Žandarma we Içeri işler edarasynyň bilelikde geçiren operasiýasynyň netijesinde 5 terrorçynyň 4-si ynandyrylyp, 1-i bolsa öz-özünden Şyrnak welaýatynyň Içeri işler edarasyna boýun egdi.

Ynandyrylyp boýun egdirilen terrorçylaryň biri, Terrordan gözlenýänleriň sanawynda çal kategoriýada 300 müň lira sylag bilen gözlenýärdi.


Etiketkalar: #Twitter , #howa hüjümi , #Yrak

Degişli Habarlar