Russiýadan Türkiýä S-400 howa goranyş ulgamynyň getirilmegi dowam edýär

Häzirki wagta çenli 14-nji uçar geldi

Russiýadan Türkiýä S-400 howa goranyş ulgamynyň getirilmegi dowam edýär

S-400 Uzak aralykly sebitleýin howa we raketa goranyş ulgamynyň enjamlarynyň getirilmeginiň çäginde 14-nji uçar Ankaranyň Mürted howa menziline gondy.

S-400 howa goranyş ulgamy uzak aralykly radar kesgitleýiş ulgamyndan, gönükdiriş gözegçilik bölüminden, raketa rampasyndan we radardan ybarat. Raketadan daşgary bölümler howa ýoly arkaly Türkiýä getiriler we bärde gurnalar.

Ulgamyň iň esasy bölekleri bolan raketalar deňiz ýoly bilen gowşurylar.



Degişli Habarlar