Erbil şäherinde türk konsullygynyň türk diplomaty şehit boldy

Hüjümde bir adamyň ýaralanandygy habar berildi

1237370
Erbil şäherinde türk konsullygynyň türk diplomaty şehit boldy

Wakanyň bolan ýerine köp sanly howpsyzlyk gullukçysy getirildi. Hüjümi guran terrorçy bolsa täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Käbir çeşmeler bolsa hüjümçiniň ýa-da hüjümçileriň gaçandygyny, şol sebäpli Erbiliň ähli ýollarynyň ýapylandygyny habar berýar.

Restoranyň eýesiniň beren maglumatyna görä konsullygyň işgärleri içeri girenden soň adaty egin-eşikli we üstünde iki ýaragy bolan hüjümçi gönüden konsullygyň işgärlerine od açdy.

Prezident R.T.Erdogan Twitter arkaly beren habarnamasynda hüjümi ýazgardy.

Erdogan habarnamasynda: “Erbilde konsullygymyzyň işgärlerine guralan hüjümi ýazgarýaryn. Hüjümde şehit bolan işgärimize alladan rehnet dileýärin. Hüjümiň günäkärleriniň gysga möhletde tapylmagy üçin Yragyň degişli edaralary we ýerli ýolbaşçylar bilen gepleşiklerimiz dowam edýär” diýip ýazdy.

Daşary işler ministrliginden başkonsullygyň işgäriniň şehit bolan hüjümi barada berilen beýannamada bolsa: “Şu gün (17-nji iýul) günortadan soň Erbildäki Başkonsullygymyzyň işgärlerinden biri Başkonsullygymyzyň binasynyň daşynda duçar bolan ýaragly hüjüminde şehit boldy.

Hüjümiň günäkärleriniň gyssagly tapylmagy üçin Yragyň degişli edaralary we ýerli ýolbaşçylar bilen gepleşikler dowam edýar. Şehidimize alladan rehnet, gussaly maşgalasyna we türk milletine sabyr dileýäris” diýilýär.



Degişli Habarlar