“MTA Oruç Reis” seismiki gämisi Gündogar Ortaýer deňzinde barlag işlerine gatnaşar

Bu barada Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Twitter arkaly habarnama berdi

“MTA Oruç Reis” seismiki gämisi Gündogar Ortaýer deňzinde barlag işlerine gatnaşar

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde 2 sany burawlaýyş we 1 sany seismiki barlag gämisi bilen alyp barýan gözleg hem-de burawlaýyş işlerine “MTA Oruç Reis” seismiki barlag gämisiniň hem gatnaşjakdygyny beýan etdi.

Ministr Dönmez Twitter arkaly beren habarnamasynda Gündogar Ortaýer deňzinde başdan geçirilýän soňky wakalar barada garaýyş beýan etdi.

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzindäki gözleg we burawlaýyş işlerine egilşiksiz dowam edýändigini nygtan Dönmez, Türkiýäniň hem öz kontinental şelfinde hem-de Demirgazyk Kipr Türk Respublkasynyň “Türkiýe Nebitleri” kärhanasyna beren rugsat giňişliginde işlerini üzünüksiz dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Gündogar Ortaýer deňzindäki gözleg we burawlaýyş gämileriniň sebitdäki ähli operasiýalaryny meýilleşdirilen tertipde alyp barýandygyny we ony dowam etdirjekdigini aýdan Dönmez: “Türkiýe sebitdäki ýerasty baýlyklary gözleme, öndürme we halkara bazarlaryna ýetirme ukybyna we güýjüne eýe. “Fatih” we “Ýawuz” burawlaýyş gämilerimiz hem-de “Barbaros Haýrettin Paşa” seismiki barlag gämimiz bilen sebitde alyp barýan işlerimize indi dördünji gämimizi goşarys. 2017-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Gara we Mermer denizlerinde seismiki barlaglar alyp barýan “MTA Oruç Reis” seismiki barmag gämimiz hem Mermer deňizindäki barlaglaryndan soň Ortaýer deňizindäki seismiki barlaglara gatnaşmak üçin sebite uğradylar” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar