Yragyň demirgazygynda 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Sebitde operasiýalar dowam edýär

1233122
Yragyň demirgazygynda 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabyna guralan howa hüjüminde 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Penje operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabyna howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ýarag ammary, gowak we gaçybatalga hökmünde ulanylýan ýerler nyşana alyndy we hatardan çykardyldy, 15 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan ýurduň içinde geçirlen operasiýada bolsa Diýarbakyr-Lije etrabynda 2 terrorçy ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi

Sebitde operasiýalar dowam edýär.

 



Degişli Habarlar