Prezident Erdogan Srebrenisa gyrgynçygynda ýogalanlaryň hormatyna geçirlen çärä gatnaşdy

Prezident Erdogan gyrgynçylykda ýogalanlar üçin doga etdi we gül desselerini goýdy

1232925
Prezident Erdogan Srebrenisa gyrgynçygynda ýogalanlaryň hormatyna geçirlen çärä gatnaşdy
erdogan, srebrenitsa soykirimi.jpg
erdogan, srebrenitsa soykirimi1.jpg
erdogan, srebrenitsa soykirimi2.jpg

Günorta Gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk etabynyň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Bosniýa-Gersogowina giden Prezident R. T. Erdogan, Bosniýa-Gersogowinanyň Halklar mejlisiniň başlygy Bakir İzetbegowiçi kabul etdi.

Metbugata ýapyk hasiýetinde geçen kabul edilşik 40 minut dowam etdi.

Prezident R. T. Erdogan maslahatyň çäginde soň bolsa Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen duşuşdy we Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisowy kabul etdi.

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidiumynyň başlygy Milorad Dodik we Prezidiumyň agzalary Şefir Jaferowiç we Zelžko Komşiç bilen hem duşuşdy.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde Srebrenisa gyrgynçygynda ýogalanlaryň hormatyna geçirlen çärä gatnaşdy

Gyrgynçygyň 24-nji ýylynda jaýlanjak 33 adamyň tabydyny alyp giden kerwen paýtagt Saraýewodan Potoçary ýadigärik gonamçylygyna tarap gitdi

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti bilen Bosniýanyň halky gyrgynçylykda ýogalanlar üçin doga etdi we gül desselerini goýdy.

Şu gün irden Wisoko şäherinden ýola çykan kerwen Saraýewodan geçip Potoçary ýadigärlik mazarlygyna barar

Gyrgynçylykda ýogalanlar 11-nji iýulda jynaza namazyndan soň ýadigärlikde jaýlanar

 

 

 



Degişli Habarlar