Türkiýe ýaşamak we işlemek üçin iň amatly 7-nji ýurt

“HSBC” topary 163 ýurtdan 18 müňden gowrak daşary ýurtly gullukçynyň garaýyşyna laýyklykda geçiren “Expat Explorer” sowalnamasynyň jemlerini çap etdi

1230329
Türkiýe ýaşamak we işlemek üçin iň amatly 7-nji ýurt

Sowalnama ýurtlaryň hödürleýän mümkinçiliklerini ýaşaýyş şertleri, iş-hususy durmuş deňagramlygy, maliýe girdejisi we maşgala durmuşy taýdan seljerýär.

Sowalnama görä Türkiýedäki daşary ýurtly zähmet migrantlarynyň 62 göterimi ýaşaýyş şertleriniň öz ýurtlaryna görä ýokarlandygyny beýan edýär.

Türkiýedäki daşary ýurtly zähmet migrantlarynyň 52 göterimi karriýerasy, hobbileri ýa-da maşgalasy bilen gyzyklanmaga wagt tapýandygyny, 55 göterimi ýaşaýyş jaýy we ulag ýaly isleglerini kanagatlandyryp bilýändigini, 69 göterimi bolsa özüni howpsyz duýýandygyny we ýerli halkyň mylaýymdygyny beýan edýär.

Daşary ýurtly zähmet migrantlarynyň 60 göterimi öz ýurtlaryna garalanda Türkiýede iş-hususy durmuş ýaşaýyş deňagramlylygynyň has amatlydygyny beýan edýär.

Şonuň bilen birlikde daşary ýurtly zähmet migrantlarynyň 59 göterimi çümüjilik, daşary ýurt dili ýa-da nahar bişirmek ýaly taze bir ukyp öwrenendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar