Kalyn “Waşington Post” gazetine reaksiýa bildirdi

Kalyn gazetiň terrorizmiň propagandirlenmegine goldaw berendigini aýtdy

1229818
Kalyn “Waşington Post” gazetine reaksiýa bildirdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň we ÝB-niň terror sanawynda durýan, Amerikan hökümeti tarapyndan kellesine baýrak goýulan terrorçynyň makalasyny çap eden “Waşington Post” gazetiniň terrorizmi propagandirleýändigini beýan etdi.

Kalyn beren ýazmaça beýannamasynda “Waşington Post” gazetiniň düýnki sanynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçysy Jemil Baýygyň makalasyny çap etmegini uly maslagaraçylyk hökmünde häsýetlendirdi.

Ibrahim Kalyn mesele boýunça beren beýannamasynda: “ABŞ-nyň we ÝB-niň terror sanawynda durýan we Amerikan hökümeti tarapyndan kellesine baýrak goýulan terrorça sahypalaryny açan “Waşington Post” gazeti aç-açan terrorizmi propogandirleýär hem-de ABŞ-nyň kanunlary bozýar. Onuň metbugat we söz azatlygy bilen düşündirilmegi mümkin däl. Ol Al Kaýda ýa-da DAİŞ-e agza terrorça gazete makala ýazdyrmakdan tapawutsyz. Terror guramalaryndan biriniň ýolbaşçysyny kürtleriň wekili hökmünde görkezmek ähli zatdan ozal kürtlere edilen äsgermezçilik. Türkiýe terrorizmiň ähli görnüşine we ony goldaýanlara garşy göreşini egilşiksiz dowam etdirer” diýip, nygtady.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada-da onlarça müň bigünä adamy wagşylarça gyran PKK-nyň ýolbaşçylaryndan Bakygyň “Waşington-Post” gazetinden peýdalanyp, aç-açan terrory propagandirleýändigi nygtalýar.

Şol neşir bilen halkara jemgyýetçiliginiň terrorizme garşy göreşde iň bir ýönekeý wadasy bolan “terrorizmiň höweslendirilmeginiň öňüniň alynmagy” baradaky ýörelgä uly äsgermezçilik edilendigi barada aýdylýan beýannamada; “Terrorçylyga garşy göreşde terror guramalarynyň arasynda tapawut goýulmaly däl. PKK-nyň terror propagandasyna şert döreden we DAIŞ, Al Kaýda bilen beýleki terror guramalary meselesindäki ünslilige bap gelmeýän bu çemeleşme terrorçylyga garşy göreşde iki ýüzli tejribäniň täze we howply görnüşidir” diýilýär.



Degişli Habarlar