Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde bir esger şehit boldy

Türkiýäniň geçiren Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

1225604
Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde, terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylar bilen çaknyşygyň bolandygy mälim edildi. 

Çaknyşykda 1 esgeriň şehit bolandygy, 5 esgeriň ýaralanandygy aýdylýan beýanatda, şehit bolan esgere Alladan rehnet, ýaralanan esgerlere bolsa gyssagly şypa dilendi. 

 



Degişli Habarlar