“Penje” operasiýasynda PKK-ly alty terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demrgazygyndaky Hakurk sebitinde dowam edýän Penje operasiýasynda şu güne çenli 57 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1223315
“Penje” operasiýasynda PKK-ly alty terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Hakurk sebitinde üstünlikli ýagdaýda dowam edýän Penje operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 27-nji maýdan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 57-ä ýetendigi habar berildi.

Beýanatda mundan başgada operasiýanyň başlan gününden bäri ekstremist terror guramasyna degişli jemi 84 minanyň we elde ýasalan partlaýjylaryň ýok edilendigi, gurama degişli 136 gowagyň we gaçybatalganyň hem ulanyp bolmajak ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Yragyň demirgazygyndaky Sinat-Haftanin sebitine guralan howa hüjümlerinde bolsa PKK-ly terrorçylar tarapyndan ulanylan ýarag liniýalary, gowaklar, gaçybatalgalar we ok-däri ammarlary ýok edildi.

Terror guramasy PKK-a degişli operasiýalar ýurdyň öz içinde hem dowam edýär.

Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda guralan howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada 3 terrorçy, Tunjeli welaýatynyň merkeziniň obalyk ýerinde geçirilen operasiýada bolsa ýene-de 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitde operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar