“Şanahanyň hatyna degişli jogap ýazylýar”

Bu beýanat Goranmak ministri Hulusi Akar tarapyndan berildi

“Şanahanyň hatyna degişli jogap ýazylýar”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahanyň S-400 baradaky hatynyň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigini we degişli jogaby ýazýandyklaryny aýtdy.

Hulusi Akar Azerbaýjanyň-Gruziýanyň-Türkiýäniň Goranmak ministrleriniň 7-nji Üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşmak üçin Gabala şäherine guraýan saparynyň dowamynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Şanahanyň hatynyň ýazylyk usulynyň üstünde durup geçendiklerini nygtan Akar, hatda bar bolan düşnüşmezliklere strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäginde giň gerimli howpsyzlyk hyzmatdaşlygyny dowam etdirjek çözgüdiň tapylmagy baradaky garaýyşyň beýan edilendigini, gepleşikleriň dowam etmeginiň ähmiýetiniň nygtalandygyny aýtdy.

Akar, emma hatyň ýazylyş usulynyň arkalaşyk ruhuna bap gelmeýändigini belläp; “Degişli taýarlyklar görülýär, degişli jogap ýazylýar. Birnäçe günüň dowamynda jogaby ýetireris. Şeýle-de üstümizdäki aýyň ahyrynda Brýusselde NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň derejesindäki maslahaty bar. Şol ýerde-de ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen duşuşarys” diýdi.

Ertir ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdiklerini aýdan Akar, telefon söhbetdeşliginde we beýleki duşuşyklarda Türkiýäniň, Türk ýaragly güýçleriniň mälim pozisiýalaryny, talaplaryny öwran-öwran beýan edýändiklerini, onuň dowam etjekdigini nygtady.

Türkiýäniň şu günki güne çenli NATO meselesinde ABŞ bilen bolan kepillendirmeler boýunça haýsydyr bir säwlige ýol bermändigini, ählisini birkemsiz we üznüksiz berjaý edendigini nygtan Hulusi Akar; “Şeýlelikde degişli taraplaryň hem edil şonuň ýaly bize beren wadalaryny, jogapkärçiliklerini berjaý etmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar