Türk howaýollary baýram günleriniň dowamynda 14,311 sapar gurar

Türk howaýollarynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy İlker Aýjy Oraza baýramynyn dowamynda 14,311 saparyň amala aşyryljakdygyny aýtdy

Türk howaýollary baýram günleriniň dowamynda 14,311 sapar gurar

Türk howaýollary şol saparlaryň dowamynda 2 milliona barabar ýolagçy gatnatmagy meýilleşdirýär.

İlker Aýjy: “2 iýundan başlan Stambul howa menzilindäki 7-nji hepdämizi buýsanç bilen geçirdik. 501 uçuş edip, rekord göýdük. Düýn saparlarymyzyň dolulyk mukdary 85 göterime deň boldy” diýdi.

Aýjy “Beoing 737-Max” kysymly uçarlarda ýüze çykan tehniki näsazlyklar we flotdaky uçarlar barada bolsa: “Kompaniýamyz awgust aýyna çenli uçarlary uçurmak üçin elinden geleni etjekdiklerini aýdýarlar. Degişli awtoritarlardan tassyknama alandan soň dünýädäki ähli uçarlar bilen bilelikde biz hem uçarlarymyzy uçurarys” diýdi.



Degişli Habarlar