Prezident Erdogan Stambulyň zabt edilmeginiň 566 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

"Stambulyň zabt edilmegi dünýä taryhynyň akymyny üýtgeden, taryhyň iň uly ýenişlerinden biri"

1210288
Prezident Erdogan Stambulyň zabt edilmeginiň 566 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident R. T. Erdogan Stambulyň zabt edilmeginiň, bir döwrü ýapyp täze döwri açan, syýasy, sosýal we medeni taýdan dünýä taryhynyň akymyny üýtgeden, taryhyň iň uly ýenişlerinden biridigini nygtady.

Prezident Erdogan 29-njy maý Stambulyň zabt edilmeginiň 566 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Erdogan ýüzlenmesinde “Eziz Pygamberimiziň öwgüsine laýyk bolan, Stambuly zabt eden Fatih Soltan Mehmetiň we gahryman esgerleriniň gawduwsyzlygy, gahrymançylygy şu günki günde Türkiýäniň 2023-nji, 2053-nji we 2071-nji ýyllardaky maksatlaryna ýetmegi üçin bize ylham berýär” diýdi.

Ýüzlenmesinde, bir döwrü ýapyp, täze döwri açan, syýasy, sosýal we medeni taýdan dünýä taryhynyň akymyny üýtgeden, taryhyň iň uly ýenişlerinden biri bolan Stambulyň zabt edilen güni bilen gutlan Erdogan, Fatih Soltan Mehmediň hoşniýetliligi we adalatly ulgamy bilen Stambulyň dürli ynançlaryň we medeniýetlerin jebislikde ýaşaýan merkezi ýagdaýyna gelendigini belledi.



Degişli Habarlar