Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda kuwwady 50 göterim artdy

Gazagystanyň daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda kuwwady 50 göterim artdy

Gazagystanyň daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, şu ýylyň ilkinji çärýeginde Gazagystanyň bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwadynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 50 göterim artyp, 632 million dollara ýetendigini habar berdi.

Atamkulow, Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde geçirilen Türkiýe-Gazagystan Umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň 5-nji maslahatyndan soň, daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

Şu ýyl iki ýurdyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýylmagynyň 10-njy ýylyny belläp geçýändiklerini aýdan Atamkulow, Türkiýe-Gazagystan Umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň 5-nji maslahatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Atamkulow: “Esasy maksadymyz prezidentlerimiziň kesgitlän ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyzy 5 milliard dollara ýetirmekdir. Şu ýylyň ilkinji çärýeginde ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyz artdyryp, 632 million dollara ýetirdik. Geçen ýylyň şol döwrüne görä 50 göterimden gowrak ösüşi bellige aldyk. Mundan başgada Gazagystanda biri-birinden tapawutly pudaklarda 2 müň 200-den gowrak türk kärhanasy iş alyp barýar” diýip nygtady.

Maslahatda transport meselesini hem ele alandyklaryny aýdan Atamkulow, Gazagystanyň Ýewropa we Aziýanyň arasyndaky materikara transporty ösdürendigini nygtady.

Atamkulow: “Gazagystan Aktau portyny döwrebaplaşdyrdy we mümkinçiligini giňeltdi. Türk maýadarlary Aktau portynyň transportyny we logistikasyny ösdürmegine işjeň ýagdaýda gatnaşmaga çagyrýarys” diýip belledi.


Etiketkalar: Gazagystan , transport , maslahat

Degişli Habarlar