Kyran ABŞ metbugatyndaky S-400-leriň alynmagy bilen bagly habarlaryň nädogrydygyny nygtady

Ýawuz Selim Kyran, ABŞ-e guran saparyny netijelendirmek üçin türk metbugat işgärleri bilen duşuşyk geçirdi

1206550
Kyran ABŞ metbugatyndaky S-400-leriň alynmagy bilen bagly habarlaryň nädogrydygyny nygtady

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran, ABŞ-nyň Türkiýä, Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly öňümizdäki aýyň başyna çenli möhlet berendigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny belledi.  

Ýawuz Selim Kyran, ABŞ-e guran saparyny netijelendirmek üçin türk metbugat işgärleri bilen duşuşyk geçirdi.

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komitetinde Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly kabul edilen karar taslamasynyň üstünde durup geçen Kyran: “Bu karar taslamasy bilen birlikde, ABŞ S-400 howa goranyş ulgamlarynyň tapawutly bir ugurda jedelleşilýändigine gynanç bilen gözegçilik edýäris” diýip belledi.

Türkiýäniň S-400-ler babatynda ABŞ-niň duýgurlygyny hem ünsden düşürmeýändigini aýdan Kyran, ABŞ-niň hökümetiniň bu ugurda tehniki iş topary teklibine entek jogap bermändigini beýan etdi.

Ýawuz Selim Kyran Amerikan metbugatynda berilen ABŞ-nyň Türkiýä S-400-leriň satyn alynmagy bilen bagly iýun aýynyň başyna çenli möhlet berendigi baradaky öňe sürmeler bilen bagly soraga jogap berip: “Bize resmi taýdan olar ýaly bir zat aýdylmady” diýip nygtady.

Türkiýäniň S-400 babatynda häzirki wagtda hem şol bir nokatdadygyny aýdan Kyran, munyň tamamlanan bir ylalaşykdygyny we degişli hünärmenleriň tälim almaga başlandygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar