“30 kilometrlik howpsyz zolak meselesi diskussiýa açyk däl”

Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran Siriýada döredilmegi göz öňünde tutulýan 30 kilometrlik howpsyz zolak meselesiniň diskussiýa açyk bolmandygyny aýtdy

1206765
“30 kilometrlik howpsyz zolak meselesi diskussiýa açyk däl”

Türkiýäniň wekiliýetiniň Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň guramagynda ABŞ-na guran sapary tamamlandy.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran Türkiýäniň ABŞ-daky İlçihanasynda metbugatyň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffiniň: “Türkiýäniň 30 kilometr içerde, Siriýada howpsyz zolak döretmek boýunça teklip hödürländigini, emma ABŞ-nyň ony heniz kabul etmäňdigi” baradaky beýannamasyna ünsi çeken Kyran: “Häzirki wagtda harby ýolbaşçylar bu meseläni ara alyp maslahatlaşýarlar. Emma 20 mil (32 km.) biziň üçin diskussiýa ediljek mesele däl. Biziň ylalaşan meselämiz. Hat-da onuň hem wagtyň geçmegi bilen ýeterlik bolmajakdygyny aýdasym gelýär. Emma başlangyçda 20 mil boýunça iki ýurduň ylalaşandygyny aýdyp bileris” diýdi.

Kyran Amerikan tarapy bilen geçiren duşuşyklarynda Siriýanyň demirgazyk etrabyny basyp alan ekstremist terror guramasy PÝD/ÝPG/PKK-nyň diňe bir Türkiýe üçin däl, ABŞ we kürtler üçin hem howp emele getirýändigini gürrüň berendigini nygtap: “Howpsyz zolakda PÝD/ÝPG/PKK terrorçylary bolmaz” diýdi.

Ýawuz Selim Kyran ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýe sapary boýunça degişli taýarlyklaryň görülýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar