Prezident Erdogan adalata ünsleri çekdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, dünýäni bir ýurdyň iki dodagynyň arasyna salan gurluşyň adalatly bolup bilmejekdigini nygtady

1206237
Prezident Erdogan adalata ünsleri çekdi

Erdogan Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirilen çärä gatnaşdy. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Dünýäniň 5-den uly bolmandygyny öňe süren we dünýäni bir ýurdyň iki dodagynyň arasyna salan düşünje, gurluş adalatly bolup bilmez. Häzirki wagtda Arakanda, Liwiýada, Palestinada, Iýerusalimde adalat barmy? Adalat paýlaýaýandyklaryny aýdýanlar, diňe adamzada nesihat berip, adamlary aldadýarlar" diýdi. 

"Ähli halkara platformalarda belleýşimiz ýaly Dünýä 5-den uludyr sözlerimiz bar" diýen Erdogan: "Bu bir adalat gözlegidir. BMG-de 196 ýurdyň içinde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi 5 hemişelik we 15 wagtlaýyn agzasy bilen dünýä adalat paýlaýarmyşyn. Olar ýaly zat ýok. Şonsuzam adalat hem ýok" diýip belledi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #adalat

Degişli Habarlar