Türkiýäniň wise-prezidenti Ukrainanyň prezidenti bilen duşuşdy

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy

1204935
Türkiýäniň wise-prezidenti Ukrainanyň prezidenti bilen duşuşdy

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisinde geçen duşuşyk, metbugata ýapyk häsýetde geçdi.

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň Wladimir Zelenskiýni gutlan duşuşygynda, Krymyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy babatynda, Türkiýäniň bu meseledäki duýgurlygynyň dowam edýändigi bellendi.

Türkiýäniň we Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda artyp dowam etmegi babatynda ylalaşylan duşuşykda, iki ýurdyň 10 milliard dollar söwda kuwwadyna ýetmegi üçin Türkiýe-Ukraina Erkin söwda zolagy ylalaşygyna öňümizdäki günlerde gol çekilmegi babatynda pikir birligine baryldy.

Fuat Oktaý, Ukrainanyň täze prezidenti Wladimir Zelenskiýniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin düýn Kiýewe gidipdi.


Etiketkalar: #Ukraina , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar