Prezident Erdogan Türk geňeşiniň Baş sekretary Amreýewi kabul etdi

Erdogan DKTR-nyň synçy agza bolmagy üçin Türk Geňeşinden goldaw isledi

1205221
Prezident Erdogan Türk geňeşiniň Baş sekretary Amreýewi kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türk geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi

Erdogan Stambuldaky Huber köşgünde geçirilen kabul edilşikde, Gyrgyzystanda geçirilen Türk Geňeşiniň 6-njy maslahatynda kabul edilen karar bilen Türk Geňeşiniň Baş sekretary wezipesine bellenen Bagdad Amreýewe üstünlik arzuw etdi.

Türki dünýäsiniň birligini we jebisligini hemişe öň hatarda tutýandyklaryny aýdan Erdogan, Türk Geňeşiniň beýleki ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegine ähmiýet berýändiklerini belledi.

Şol maksat bilen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynda synçy statusynyň alynmagy bilen bagly işlerini goldaýandyklaryny aýdan Erdogan, DKTR-nyň Türk Geňeşinde synçy ýurt bolmagy babatynda goldawa garaşýandyklaryny habar berdi.

Erdogan, Azerbaýjanyň ýer eýeçilik etmeginde şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek 7-nji maslahatyň taýýarlyklaryna hem ýakyndan gözegçilik edýändiklerini beýan etdi.

Erdogan mundan başgada: “TÜRKPA-nyň aýry bir halkara guramasy hökmünde dowam etmeginiň tarapdarydyrys. TÜRKSOÝ-yň ýörite statusynyň goralyp, häzirki agzalary bilen Ankarada galmagynyň gowy boljakdygyny pikir edýäris” diýip belledi.

Erdogan Nur-Soltan şäherinde ýerleşýän Halkara Türk Akedemiýasy we Baku şäherinde ýerleşýän Türk Medeniýet we Miras gaznasy babatynda Gazagystanyň we Azerbaýjanyň tekliplerini goldamaga taýýardyklaryny belläp geçdi.



Degişli Habarlar