Türkiýe Gresiýa terror guramalaryna hemaýat bermýändigi sebäpli reaksiýa bildirdi

Türkiýe terror guramalary DHKP/J, PKK we FETÖ üçin Gresiýanyň howpsyz gaçybatalga öwrülmegine alada bilen garalýandygyny beýan etdi

Türkiýe Gresiýa terror guramalaryna hemaýat bermýändigi sebäpli reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Hami Aksoý Gresiýada kazyýetiň ýurtda 2017-nji ýylyň noýabr aýynda ele salynan terror guramasy DHKP/J bilen gatnaşykda bolan 9 adamyň “terror guramasyna agza bolmak” jenaýatynda aklanmagyna karar bermegi baradaky beýanatynda DHKP/J, PKK we FETÖ ýaly terror guramalary üçin Gresiýanyň howpsyz gaçybatalga öwrülmegine alada bilen garaýandyklaryny aýtdy.

Aksoý Gresiýanyň DHKP/J-niň agzalarynyň düýn aklanandygy bilen bagly soraga ýazmaça beren jogabynda: “DHKP/J, PKK we FETÖ ýaly terror guramalary taýdan Gresiýanyň howpsyz gaçybatalga öwrülmegine alada bildirýaris. Şol guramalara Gresiýada terörizme garşy halkara derejesinde göreşmek baradaky wadalaryna gelmeýän şertlerde döredilýän ýeňillik, geçirimlilik we berilýän kömek kabul edilmesiz.

Hormatly Prezidentimiziň janyna kast etmäge synanşylandygy barada maglumatlardan soň grek polisi tarapyndan 2017-nji ýylda ele salynan, Türkiýede tussag edilmekleri baradaky karara laýyklykda yzyna berilmegi talap edilen 9 terrorçy barada şu gün çykarylan aklama karary şol terror guramalarynyň Gresiýada ornaşandygyny hem görkezýär” diýdi.

DHKP/J-niň ÝB tarapyndan hem terror sanawyna goşulandygyny ýatladan Aksoý: “Şeýlelikde grek kazyýetiniň kabul eden karary Ýewropada terörizme garşy göreş ugrundaky tagallalary hem bökdedi” diýdi.



Degişli Habarlar