"S-400 howa goranyş ulgamlarynyň gözegçiligi Türkiýede bolar"

Çawuşogly Latwiýa guraýan resmi saparynyň çäginde kärdeşi Edgards Rinkewis bilen duşuşdy

"S-400 howa goranyş ulgamlarynyň gözegçiligi Türkiýede bolar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamlarynyň gözegçiliginiň Türkiýede boljakdygyny aýtdy.

Çawuşogly Latwiýa guraýan resmi saparynyň çäginde kärdeşi Edgards Rinkewis bilen duşuşdy.

Iki kardeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Beýanatynda S-400-ler hakynda durup geçen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň S-400-leriň F-35 harby uçarlary taýdan howplydygy hakyndaky garaýşyna jogap berdi.

Çawuşogly “Siriýada ruslaryň gözegçiliginde S-400-ler bar. Amerikanyň uçarlary, Ysraýylyň F-35-leri şol sebitde uçmaga dowam edýär. Norwegiýa serhedine hem S-400 –ler ornaşdyryldy we şol ýerde Norwegiýanyň F-35-leri uçarýar” diýmek bilen ABŞ-nyň garaýyşlarynyň hakykaty beýan etmeýändigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar