Eren “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýa zolagyna sapar gurady

Abdullah Eren we bileligindäki weliliýet Siriýanyň demirgazygynda terrordan saplanan “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýa zolagyna sapar gurady

ytb firat kalkani1.jpg

 

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren we bileligindäki weliliýet Siriýanyň demirgazygynda terrordan saplanan “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýa zolagyna sapar gurady

Wekiliýet Kilisiň Siriýa tarapynda ýerleşýän Azaz, Jarablus, Bab we Çobanbeý etraplarynda bilim beriş işleri bilen ýerinde tanyş bolup, ýerli uniwersitete baryp gördi.

Wekiliýet edara tarapyndan Çobanbeýde Afrin operasiýasynyň ilkinji şehidi Musa Özkalkanyň wesýetine laýyklykda gurlan medeniýet merkezinde berilen agzaçarda ýetim we kakasyz çagalar hem-de ýerli halk bilen duşuşdy.

Siriýadaky içerki uruş sebäpli bilimlerini tamamlap bilmedik köp sanly ýaşlaryň ylmy tälimine goşant boşmak maksady bilen Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň köp sanly iş alyp barýandygyny beýan eden Abdullah Eren, şol ýaşlaryň Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegine uly goşant goşjakdyklaryny aýtdy.

Şol jähtden Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň siriýalylaryň ýokary bilim almagynda uly jogapkärçiliginiň bardygyny beýan eden Eren: “Türkiýede siriýalylaryň ýokary bilim almagy baradaky borjumyzy ýerine ýetirýäris. Siriýaly ýaşlaryň düşelgelerde we şäher merkezlerindäki okuw jaýlarynda bilim almagyna goşant goşýarys. Terrordan saplanan zolaklarda bolsa ýokary bilimi ýola goýmak üçin we türkmen doganlarymyz hem-de garyndaş halklarymyz bilen duşuşmak isledik” diýdi.



Degişli Habarlar