Çawuşogly: “S-400 boýunça yza süýşürme ýa-da bes etmeklik gün tertibinde ýok”

“Häzirki wagtda yza süýşürme ýa-da bes etmek gün tertibinde ýok” diýdi

Çawuşogly: “S-400 boýunça yza süýşürme ýa-da bes etmeklik gün tertibinde ýok”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamy barada “häzirki wagtda yza süýşürme ýa-da bes etmek gün tertibinde ýok” diýdi

Çawuşogly Rumyniýanyň Wekiller palatasynyň Ýewropa işlerinden jogapkär toparynyň Başlygy Angel Tilwary kabul etdi we soň ÝB edarasynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

ABŞ-nyň S-400 howa goranyş ulgamlarynyň F-35 uçarlaryna we NATO-nyň goranyş ulgamlaryna howp emele getirjekdigi baradaky garaýyşyň beýan edilmeginden soň Türkiýäniň bilelikdäki işjeň toparyň döredilmegi üçin teklip hödürländigini aýdan Çawuşogly: “Şol toparyň düzüminde NATO-nyň wekilinin hem bolmalydygyny aýtdyk” diýdi.

Amerikan tarapy bilen şol toparyň döredilmegi, maksady barada pikir alyşandyklaryny gürrüň beren Çawuşogly: “Ýetilen sepgit şeýle, ýagny yza süýşürme ýa-da başga şertler ýok. Gün tertibinde-de däl. Biz şeýle işjeň topar döredilen halatynda ony şertsiz ýerine ýetirmek isleýäris” diýdi.

Çawuşogly ABŞ-nyň öňe süren garaýyşlarynyň ýa-da aladalarynyň ýerlikli bolup bolmandygyna hünärmenleriň karar bermelidigini nygtap: “Biz bu meselede özümize ynanýarys. Şol sebäpli şeýle oňyn teklip hödürledik. ABŞ hem özüne ynanýan bolsa ozal aýdyşym ýaly bu teklibimizi kabul etsin” diýdi.



Degişli Habarlar