Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

"Asada tabyndalykdaky güýçler Idlibde, türk-rus hyzmatdaşlygyna bökdemäge çalyşýar"

Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin düýn agşam telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýanyň Idlib welaýatynda başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde çaknyşyk zolakda guraýan hüjümlerine alada bildirýändigini, asuda ilatyň, mekdepleriň we hassahanalaryň nyşana alynmagynyň terrora garşy göreş bilen düşündirilip bilinmejekdigini nygtady.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine, Asada tabyndalykdaky güýçleriň Idlibde, türk-rus hyzmatdaşlygyna bökdemäge çalyşýandygyny aýtdy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde türk-rus hyzmatdaşlygyny we Astana etabyny bökdemegi maksat edinýändigine ünsi çeken Erdogan, Idlibde dartgynlygyň möwjemeginiň Konstitutsiýa komitetiniň döredilmegine we syýasy etaba hem zeper ýetirjekdigini ýatlatdy.

Erdogan bilen Putin Soçi ylalaşygyna laýyklykda hereket etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Soňky gezek Bosniýa-Gersogowinada başdan geçirlen hökümet krizisi hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, sebitiň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagynyň parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar