"Terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreş dowam eder"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini nygtady

"Terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreş dowam eder"

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türk ýaragly güýçleriniň Fetullahçy terror guramasy FETÖ, PKK/ÝPG-ä, DAIŞ-e we beýleki terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiň dowam edýändigini nygtady.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler, Gury ýer güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Ümit Dündar, Deňiz güýçleriniň serkerdesi goşun admeraly Adnan Özbal we Howa güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Hasan Küçükakýüz  bilen Milli Goranyş uniwersitetinde okaýan talyplar bilen agzaçarda duşuşdy.

Hulusi Akar agzaçarda sözlän sözünde “Bir tarapda ýurduň içinde we daşynda terrora garşy göreşini dowam etdirýäris, beýleki tarapdan Egeýde, Gündogar Ortaýer deňzinde we Kiprde hem ýurdumyzyň hak-hukuklarynyň goralmagy üçin degişli çäreleri görýäris” diýdi.

Akar çykyşynda Türkiýäniň daş-töwereginde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar