Türkiýe Fransiýanyň Ortaýer deňizindäki buraw işleri bilen bagly beýanatyny ret etdi

Türkiýe, Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogarynda öz suw giňişligindäki buraw işleri bilen bagly beýanatyny ret edýändigini habar berdi

1197104
Türkiýe Fransiýanyň Ortaýer deňizindäki buraw işleri bilen bagly beýanatyny ret etdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: “Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrligi tarapyndan şu gün berilen we ýurdumyzyň Ortaýer deňiziniň gündogarynda öz suw giňişligindäki buraw işleri bilen bagly beýanatyny ret edýäris” diýip bellendi.

Beýanatda, şol çäkde Daşary işler ministrliginiň 2019-njy ýylyň 4-nji maýyndaky 124 belgeli we 2019-njy ýylyň 6-njy maýyndaky 128 belgeli metbugat beýanatynyň, Fransiýa üçin hem degişlidigi bellendi.

Daşary işler ministrliginden 4-nji maýda berilen ýazmaça beýanatda, Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky uglewodorod çeşmeleri bilen bagly işleriniň, halkara hukukdan gözbaş alýan kanuny haklaryna esaslanýandygy nygtaldy.

Daşary işler ministrliginiň birnäçe gün ozal beren ýazmaça beýanatynda hem, Türkiýäniň öz suw giňişliginde geçirýän buraw işler bilen baglanşykly ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň pozisiýasynyň hakykatdan daşdygy mälim edilipdi.



Degişli Habarlar