Türkiýäniň täze ýaragy: Alka

Türkiýe, soňky wagtlardaky terrorçylykly hüjümlerde ýygy-ýygydan ulanylýan partlaýjy ýüklenen howa ulaglary we elde ýasalan partlaýjylary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin Alka ugrukdyrylýan energetika ýarag ulgamyny oýlap tapdy

1197675
Türkiýäniň täze ýaragy: Alka

Türkiýäniň ROKETSAN kärhanasy, Alka ugrukdyrylýan energetika ýarag ulgamyny ilkinji gezek Stambuldaky 14-nji IDEF'19 sergisinde tanyşdyrdy. 

Alka, ilkinji gezek geçirilen synagda elde ýasalan partlaýjyny, drony, ok-däri daşaýan drony, içaly drony ýaly howplary üstünlikli ýagdaýda ýok etdi. 

Dron, erkin ganatly uçarlar ýaly terrorçylykly aksiýalarda ulanylýan ulaglara garşy örän täsirli bir ulgam. Şol bir wagtda elde ýasalan partlaýjylary uzakdan ýok edilmegini üpjün edýär. 

 


Etiketkalar: #dron , #Alka

Degişli Habarlar