Türkiýe ABŞ-nyň Kipr bilen bagly beren beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe, Gündogar Ortaýer deňizinde buraw işleri bilen baglanşykly, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň düýnki beren beýanatynyň hakykatdan gopan bir beýanatdygyny nygtady

1196003
Türkiýe ABŞ-nyň Kipr bilen bagly beren beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Gündogar Ortaýer deňizinde dowam edýän buraw işleri bilen baglanşykly ABŞ-nyň beren beýanatyna jogap berdi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda, ABŞ-niň grekleriň ýeri diýip öňe süren bir zolaga garşy wagtlaýyn çäklendirme ylalaşygyny baglaşan ýaly Türkiýä çagyryş bermegi, konstruktiw we halkara hukuga laýyk gelmeýän bir çemeleşmedigi bellendi.

Beýanatda, Kipr Grek böleginiň sebitiň ýurtlary bilen baglaşan Aýratyn ykdysady zolak çäklendirme ylalaşygynyň hem Türkiýä hem-de Kiprdäki türklere degişli bolmandygy mälim edildi.

Beýanatda: “Ýagdaý bular ýaly bolan mahaly, üçünji tarapyň özüni halkara hukugyň ýerine goýup, deňiz serhetleriniň nirden geçýändigini kesgitlemek baradaky herekedi kabul edilmez. Şol çäkde ABŞ-niň grekleriň ýeri diýip öňe süren bir zolaga garşy wagtlaýyn çäklendirme ylalaşygyny baglaşan ýaly Türkiýä çagyryş bermegi, konstruktiw we halkara hukuga laýyk gelmeýän bir çemeleşmedir” diýip bellendi.

Türkiýä degişli buraw we seýismik gämileriniň, bellenen zolakda gözleg we buraw işleriniň tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigi bellenen beýanatda: “Şolar ýaly Grek tarapynyň hem adanyň deňhukukly agzasy bolan Kipr türklerini, uglewodorod çeşmeleri babatynda karar almak mehanizmine goşmadygy ýa-da birataplaýyn häsýetdäki uglewodorod işlerini bes etmedigi saýyn, Türkiýe, Kiprdäki türkleriň bellenen zolakdaky hukuklaryny goramaga dowam eder” diýip nygtaldy.


Etiketkalar: #Türkiýe , #ABŞ , #reaksiýa

Degişli Habarlar