Ysraýyl Gazada Anadoly habarlar gullugynyň ofisiniň ýerleşýän binasyny bombalady

Bombaly hüjümde bina dolulygyna ýykyldy, habarlar gullugynyň işgärlerinden ýogalan ýada ýaralanan bolmady

1195090
Ysraýyl Gazada Anadoly habarlar gullugynyň ofisiniň ýerleşýän binasyny bombalady

Ysraýylyň ýaragly güýçleri gabaw astyndaky Gaza sektorynda Anadoly habarlar gullugynyň ofisiniň ýerleşýän binasyny bombalady.

Bombaly hüjümde bina dolulygyna ýykyldy, habarlar gullugynyň işgärlerinden ýogalan ýada ýaralanan bolmady.

Ysraýylyň ýaragly güýçleri gabaw astyndaky Gaza sektorynda Anadoly habarlar gullugynyň ofisiniň ýerleşýän binasyny bombalamagyna berk garşylyk görkezen Prezident R. T. Erdogan, Anadoly habarlar gullugynyň Baş müdüri Şenol Kazanja telefon edip duýgudaşlyk bildirdi.

Prezident Erdogan “Türkiýe bilen Anadoly habarlar gullugy, ähli hüjümlere garamazdan Ysraýylyň terrorçylykly hüjümlerini we zulumy bütin dünýä ýetrmäge dowam eder” diýdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda bolsa, Ysraýylyň hüjümlerine garşy halkara jemgyýetçiligine herekete geçmek barada çagyryş berildi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop hem hüjüme garşylyk görkezdi.

Şentop “Ysraýyl, Anadoly habarlar gullugynyň ýerleşýän binasyny bombalamak bilen halkara hukugyna we ähliumumy gymmatlyklara äsgermezçilik edýändigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn hem Ysraýylyň hüjümine reaksiýa bildirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun hüjümden soň Günbatarly ýurtlara çagyryş berdi.

Altun “ Metbugat azatlygyna sarpa goýýandyklaryny ýygy-ýygyndan beýan edýän Günbatarly ýurtlary Ysraýylyň hökümetiniň guran hüjümini ýazgarmaga çagyrýarys” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem hüjümiň adamzada garşy edilen uly jenaýatdygyny belledi.

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, İçeri işler ministri Süleýman Soýlu, Adalat ministri Abdulhamit Gül, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Milli bilim ministri Ziýa Selçuk, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Maşgala we sosýal üpjünçilik ministri Zehra Zümrüt Selçuk bilen Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik hem hüjümi ýazgardy we Anadoly habarlar gullugyna duýgudaşlyk bildirdi.

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri İbrahim Eren hem Twitter arkaly “Ysraýylyň Gazada Anadoly habarlar gullugynyň ofisini raketalar bilen nyşana almagyny berk ýazgaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar