"Ýefrat derýasynyň gündogaryndan, Türkiýä garşy haýsydyr bir howpuň abanmagyny kabul etmeris"

Akar hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1194471
"Ýefrat derýasynyň gündogaryndan, Türkiýä garşy haýsydyr bir howpuň abanmagyny kabul etmeris"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat derýasynyň gündogaryndan, Türkiýä garşy haýsydyr bir howpuň abanmagyny kabul etmejekdiklerini aýtdy.

Akar hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Akar, “Dostumyz, strategik hyzmatdaşymyz ABŞ-dan ekstremist terror guramasy PKK-dan tapawutly bolmadyk ÝPG-nyň gysga wagtda sebitden çykarylmagyny, ýaraglarynyň ýygnalmagyny we azyndan 30-40 kilometr günorta tarap gitmeklerini isleýäris” diýdi.

Akar, Siriýada dörediljek howpsyz zolagyň gözegçiliginiň Türkiýede bolmalydygyny nygtady.

Akar, Russiýadan satyn alynjak S-400 howa we raketa goranyş ulgamynyň, F-35 harby uçarlary taýdan howply bolmandygyny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar