Türkiýe Hindistandaky bombaly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň hökümeti Hindistanda polisiýa işgärlerine garşy guralan bombaly hüjümi ýazgardy

1193772
Türkiýe Hindistandaky bombaly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: “Hindistanyň Maharaştra ştatynda polisiýa işgärlerini daşaýan awtobusa garşy guralan bombaly hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy baradaky maglumaty uly gynanç bilen aldyk. Hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, hindistanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris” diýip bellendi.

Ýurdyň günbataryndaky Maharaştra ştatynda 1-nji maýda Polisiýa gullugynyň işgärlerini daşaýan mikroawtobusyň geçýän mahaly ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 15 polis we asuda ilatdan 1 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Türkiýe , #Hindistan , #hüjüm

Degişli Habarlar