Erdogan: "Güýçli milletler güýçli maşgalalardan emele gelýär"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, güýçli millet bolmak ýolunyň güýçli maşgadan geçýändigini belledi

1193911
Erdogan: "Güýçli milletler güýçli maşgalalardan emele gelýär"

Prezident Erdogan, Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde VII Maşgala şurasynda çykyş etdi. 

Çykyşynda: "Maşgala gymmatlyklary ortadan aýrylan bir jemgyýet nähili derejede baý bolsa bolsun aýakda duryp bilmez" diýen Erdogan, maşgalada agzalalyk bar bolsa, millet hökmünde barlygyň hem howp astyna girmeginiň ütgewsizidigini belledi. 

Erdogan: "Güýçli milletler güýçli maşgalalardan emele gelýär" diýen Erdogan, ilatyň azalmagy baradaky syýasatlary hem dogry görmeýändigini nygtady. 

Reýting aladasy bilen hereket edýän media organlaryny, maşgala edaralary bilen baglanşykly gepleşikler babatynda duýgur bolmaga çagyran Erdogan, döwrebap enjamlaryň ýaýbaňlanýan günümizde ata-eneleriň çagalar bilen has ýakyndan gyzyklanmalarynyň gerekdigini belledi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #maşgala , #millet

Degişli Habarlar