Siriýada bir türk esger şehit boldy

Siriýada Ýewfrat galkany operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň hüjüm guramagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy

1192821
Siriýada bir türk esger şehit boldy

Türkiýäniň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Ýewfrat galkany operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň hüjüm guramagy netijesinde 1 esgeriň şehit bolandygy, 3 esgeriň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik Türk milletine gynanç we sabyr, ýaralanan gahryman esgerlerimiziň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip bellendi. 

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #esger , #şehit

Degişli Habarlar